Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan yglan edilen IV integrirlenen bäsleşigiň welaýat tapgyryna Lebap welaýatynyň ähli etrap-şäherlerinden 800-e golaý zehinli mekdep okuwçysy gatnaşdy. Türkmenabat şäherindäki 3-nji orta mekdepde guralan bu gözden geçirişlikde mekdep okuwçylary matematika, fizika, himiýa we biologiýa dersleri boýunça öz bilim derejelerini synadylar. Mart aýynda geçirilen etrap tapgyrynda 10 we şondan ýokary utuk gazanmagy başaran ýaşlar bäsleşigiň bu nobatdaky tapgyrynda bäsleşmäge hukuk gazandylar.
Zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýe bolan bu bäsleşige Dänew etrabynyň orta mekdeplerinden hem jemi 73 sany okuwçy wekilçilik edip, olar ýokary netijeleri görkezdiler. Bassyr dördünji gezek geçirilýän bu integrirlenen olimpiadanyň welaýat tapgyrynda iň ýokary görkezijileri gazanan okuwçylar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanarlar. Bu çäre ýaşlaryň takyk we tebigy ylymlara bolan höwesini artdyrmaga hem-de olaryň geljekde innowasion tehnologiýalar ugrundan kämilleşmegine itergi berer.
Lebaply okuwçylaryň 800-e golaýy integrirlenen olimpiada gatnaşdylar
16
Apr

