Mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän ylmy-döredijilik, taslama bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda lebaply okuwçylaryň 13-si baýrakly orunlary eýelediler.
«Altyn asyryň altyn zehinleri» ady bilen guralýan bu bäsleşige welaýatynyň orta mekdeplerinde okaýan ýaşlaryň 30-sy gatnaşdy. Olar eminleriň garamagyna dürli temadaky işleriň 16-syny hödürlediler. Olaryň 2-si birinji, 5-si ikinji we 6-sy bolsa üçünji orunlara mynasyp boldular.
Okuwçylaryň köpüsi hödür eden işlerini bilelikde taýýarladylar. Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebiň okuwçysy Laçyn Galandarowa we Darganata etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň okuwçysy Merjen Aýtgulyýewa edebiýat dersi boýunça bilelikdäki işi üçin birinji orna mynasyp boldular.
Şonuň ýaly-da, informatika, fizika we himiýa derslerine degişli temalardan ýazylan işler ýokary bahalara mynasyp boldular. Olarda amaly çözgütler bilen bir hatarda durmuş ähmiýetli teklipler hem bar.