Lebaply okuwçylar Türkmenistanyň taryhy boýunça ukybyny görkezdiler
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýurduň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda Türkmenistanyň taryhy boýunça ders bäsleşigi geçirildi.
Ýokary okuw mekdebi tarapyndan guralan bäsleşige paýtagtymyzyň we Arkadag şäheriniň hem-de welaýatlaryň umumybilim berýän mekdeplerinden 10-11-nji synp okuwçylary gatnaşdylar.
Onlaýn görnüşde geçirilen ders bäsleşigine gatnaşyjylara degişli ders boýunça umumy soraglary çözmek üçin 60 minut wagt berildi. Eminler topary jogap berlen sowalnamalary adalatly bahalandyryp, ýeňijileri yglan etdiler. Olaryň arasynda Lebap welaýatyndan gatnaşan okuwçylar hem bar. Ine, olar:
― Şöhradowa Selbi, Türkmenabat şäheriniň 18-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy I orun;
― Eminowa Jennet – Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy III orun.