Lebaply okuwçylar TDU-nyň geçiren bäsleşiginde ýeňiji boldular
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýurduň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda türkmen dili we edebiýaty boýunça ders bäsleşigi geçirildi.
Ýokary okuw mekdebi tarapyndan guralan bäsleşige paýtagtymyzyň we Arkadag şäheriniň hem-de welaýatlaryň umumybilim berýän mekdepleriniň 10-11-nji synp okuwçylary gatnaşdylar.
Bäsleşigiň esasy maksady okuwçylarda türkmen dili we edebiýaty dersine höwes döretmekde sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ulanmakdan, ýaşlaryň sözleýiş endiklerini we başarnyklaryny ösdürmäge, kämilleşdirmäge ýardam bermekden, häzirki zaman türkmen dil bilimine degişli ylmy-amaly meseleleri derňemäge ukyply zehinleri ýetişdirmekden, orta we ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan, mekdep okuwçylaryny hünäre ugrukdyrmakdan ybaratdyr.
Onlaýn görnüşde geçirilen ders bäsleşigine gatnaşyjylara degişli ders boýunça umumy soraglary çözmek üçin 60 minut wagt berildi. Eminler topary jogap berlen sowalnamalary adalatly bahalandyryp, ýeňijileri yglan etdiler. Olaryň arasynda Lebap welaýatyndan gatnaşan okuwçylar hem bar. Ine, olar:
― Atageldiýewa Maýsa, Çärjew etrabynyň 55-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy III orun;
― Narbaýewa Dilber, Çärjew etrabynyň ýöriteleşdirilen 55-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy III orun.