Lebap welaýatynyň orta mekdepleriniň 12-nji synpynda okaýan okuwçylar şu ýylyň aprel aýynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty tarapyndan geçiriljek ýaryşlara taýýarlyk görýärler. Bütindünýä saglyk gününiň belleniljek aýynda geçiriljek ýaryşlarda üstümizdäki ýylda uçurym boljak okuwçylar beden taýýarlygy we sportuň käbir görnüşleri boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezerler.
Has takygy, ýaryşlar umumy beden taýýarlygy, sportuň tizlik-güýç alamatly, oýun we göreş görnüşleri boýunça geçiriler. Häzirki günlerde welaýatyň orta mekdeplerinde bu ýaryşlara gatnaşjak okuwçylary hasaba aldyrmak işleri dowam edýär.
Lebaply okuwçylar sport ýaryşlaryna taýýarlyk görýär

26
Feb