BILIM

Lebaply okuwçylar matematika boýunça olimpiada gatnaşmaga çagyrylýar

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti ýurduň ähli sebitleriniň, şol sanda Lebap welaýatynyň mekdep okuwçylaryny «Ýaş zehinli matematikler» diýen at bilen geçiriljek matematika olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar.
Olimpiadada Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň gutardyş synplarynyň okuwçylary çykyş edip bilerler. Her mekdepden gatnaşjaklaryň sany çäklendirilmeýär.   
Ýokary synp okuwçylar üçin niýetlenilen intellektual bäsleşik iki tapgyrda geçiriler. Olimpiadanyň birinji tapgyry 5-nji martda sagat 10:00-da onlaýn görnüşde test arkaly geçiriler. Bäsleşigiň birinji tapgyryny üstünlikli geçen ýaş matematikler 25-nji martda sagat 10:00-da nebitgaz ýokary okuw mekdebinde geçiriljek ikinji tapgyrda duşuşarlar. 
Olimpiada gatnaşmak isleýän okuwçylaryň bellige alnyşy 3-nji marta çenli dowam eder.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: