Lebaply okuwçylar Magtymguly Pyraga bagyşlanan bäsleşikde ýeňiji boldular
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň döwlet tapgyrynda welaýatymyzdan gatnaşan wekilleriň üçüsi hem öňdäki orunlary eýeledi.
Bäsleşikde ýaşlar beýik akyldaryň goşgularyny labyzly okamak we öz düzen şygryny ýatdan aýtmak boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Şeýle-de olar Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna we terjimehalyna degişli sowallara jogap berdiler.
Netijede, Halaç etrabyndaky 25-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Mekan Merdanow ikinji, Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Şadyýana Mämmetkulyýewa bilen Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Nabat Janmyradowa üçünji orunlara mynasyp boldular.