Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan mekdep okuwçylarynyň arasynda IT, robototehnika we sanly ulgamlar boýunça «Sanly geljek — 2026» atly bäsleşik geçirilýär. Bu döredijilikli bäsleşige Lebap welaýatynyň zehinli okuwçylary hem gatnaşmaga çagyrylýar.
Bäsleşik üç ugur boýunça guralýar. «Smart City» — «Akylly şäher» ugry şäher düzümini awtomatlaşdyrýan robotlary we IoT ulgamlaryny öz içine alýar. «EduTech & Mobile» ugrunda bilim ulgamy üçin mobil goşundylar we öwrediji platformalar hödürlenýär. «Eco-Tech» ugry bolsa ekologiýa we «ýaşyl» ykdysadyýet üçin sanly çözgütleri taýýarlamaga gönükdirilendir.
Dalaşgärler öz taslamalaryny 2026-njy ýylyň 2-nji iýunyna çenli tbmmekbol@gmail.com we tstp.ashgabat22@gmail.com elektron salgylaryna ibermelidirler. Her gatnaşyjy diňe bir taslama bilen çykyş edip biler.
Bäsleşik barada goşmaça maglumat almak üçin Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň mekdep bölümi hem-de TSTP-niň Aşgabat şäher komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölümi bilen habarlaşyp bolýar. Telefon belgileri: 22-74-07, 22-70-38, 44-86-85.
Lebaply okuwçylar IT bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar
20
May

