BILIM

Lebaply okuwçylar internet olimpiadasynda we taslama bäsleşiginde işjeň çykyş etdiler

Welaýatymyzyň orta mekdepleriniň zehinli okuwçylarynyň uly topary Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty tarapyndan geçirilen ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda V internet olimpiadasyna gatnaşdy. Olimpiada matematika, fizika, informatika, himiýa, biologiýa, geografiýa we ekologiýa dersleri boýunça geçirilip, oňa ähli welaýatlardan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden, Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyndan hem-de Döwletliler köşgünden okuwçylar gatnaşdylar.
Şeýle hem şol ýokary okuw mekdebinde ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Ösüş üçin innowasiýa — 2026» atly taslama işleriň sergi-bäsleşigi geçirildi. Oňa orta hem-de ýokary okuw mekdeplerinden ylma we hünär döredijiligine höwesli ýaşlar ylmy-taslama işleri bilen oflaýn hem-de onlaýn tertipde gatnaşdylar.