BILIM

Lebaply okuwçylar integrirlenen olimpiadada ýurt boýunça iň ýokary netijäni görkezdiler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda tebigy we takyk dersleri boýunça geçirilen «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly IV integrirlenen olimpiadanyň ikinji tapgyrynda welaýatymyzyň okuwçylary ýokary netijeleri gazandylar. 10 we şondan ýokary utuk alyp, üçünji tapgyra geçmäge hukuk gazananlaryň arasynda biziň welaýatymyzdan okuwçylaryň 19-sy bar. Munuň özi ýurdumyz boýunça iň ýokary görkezijidir.
Netijelere görä, lebaply okuwçylaryň arasynda iň ýokary görkeziji 20 utuga deň boldy. Şeýle hem 18, 17, 16, 14, 12, 11 we 10 utuk toplan okuwçylar jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bu görkeziji welaýatymyzda tebigy we takyk dersler boýunça zehinli ýaşlaryň taýýarlygynyň ýokarydygyny görkezýär.
Gündogar sebitden iň köp netije görkezen bilim edaralarynyň hatarynda Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy we 41-nji orta mekdepler bar. Welaýat merkezindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdepden zehinli okuwçylaryň 5-si bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan bolsa, ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdepden 4 okuwçy gatnaşar. Şeýle-de Türkmenabat şäheriniň beýleki mekdeplerinden we Farap etrabyndan gatnaşan okuwçylar hem üstünlikli çykyş etdiler.
Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda 10 we şondan ýokary utuk alan okuwçylar jemleýji tapgyra gatnaşarlar. Jemleýji tapgyr şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçiriler.