BILIM

Lebaply okuwçylar Informatika olimpiadasynda 5 medala mynasyp boldular

Lebap welaýatynyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň bäşisi S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti tarapyndan geçirilen Informatika olimpiadasynda öňdäki orunlary eýelediler. 11-nji we 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirilen bäsleşik üç tapgyrdan ybarat boldy.
Bu üstünlikleriň dördüsini 11-nji synpyň okuwçylary gazandylar. Has takygy, bäsleşikde
Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň okuwçysy Eziz Agamyradow
bilen Köýtendag etrabyndaky 4-nji orta mekdepden Ahmet Şadyýew ikinji, welaýat merkezimizdäki ýöriteleşdirilen 28-nji rta mekdepden Ýazmyrat Şemsetdinow bilen ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdepden Dawut Azadow dagylar bolsa üçünji orna eýe boldy.
12-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirilen bäsleşikde welaýat merkezimizdäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň okuwçysy Döwletmyrat Taganow üçünji orny eýeledi.
Bäsleşigiň üçünji tapgyry uniwersitetiň özünde geçirildi. Onuň çäklerinde gatnaşyjylar paýtagtymyzyň gözel ýerlerine gezelenç hem etdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: