Lebaply okuwçylar iki ýokary okuw mekdebiniň geçiren olimpiadalarynda üstünlikli çykyş etdiler
Lebap welaýatynyň orta mekdepleriniň 9-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymgylyk instituty tarapyndan olimpiadalar guraldy. Olimpiadalarda mekdep okuwçylary üstünlikli çykyş etdiler. Olar diplomlar, medallar we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldylar. Türkmenabat şäheriniň, Çärjew, Halaç, Dänew etraplarynyň orta mekdepleriniň okuwçylary bu olimpiadalarda ýeňiji bolmagy başardylar.
Olimpiadalaryň düzgünnamasyna laýyklykda guramaçylyk toparlarynyň çözgüdi esasynda gutardyş synpda okaýan, ýokary netije gazanan okuwçylara bu ýokary okuw mekdeplerinde ýokary bilim almak üçin ýeňillikler dörediler.