Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda geçirilen «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň döwlet tapgyry üstünlikli jemlenip, onuň netijeleri boýunça lebaply okuwçylar himiýa dersi boýunça baýrakly orunlara mynasyp boldular.
11-nji synp boýunça Türkmenabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň okuwçysy Gülbibi Hatamowa we Türkmenabat şäheriniň 41-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçysy Astanogly Meredow döwlet tapgyrynda ikinji orunlary eýelediler. Şeýle hem Farap etrabynyň 12-nji orta mekdebiniň okuwçysy Babanazar Jumaniýazow hem-de Türkmenabat şäheriniň 41-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçysy Meňli Nowruzowa döwlet tapgyrynda üçünji orunlary gazandylar. 12-nji synp boýunça Hojambaz etrabynyň 10-njy orta mekdebiniň okuwçysy Babajan Aganyýazow döwlet tapgyrynda birinji orny eýeledi. Şeýle hem Türkmenabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň okuwçylary Aýlar Röwşenowa, Leýli Ereşowa, Dänew etrabynyň 17-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçysy Arslan Ýusupow hem-de Çärjew etrabynyň 17-nji orta mekdebiniň okuwçysy Güller Klyçewa döwlet tapgyrynda üçünji orunlary eýelediler.
Lebaply okuwçylar himiýa boýunça döwlet tapgyrynda üstünlik gazandy
01
Apr

