Lebaply okuwçylar halkara olimpiadalara gatnaşmaga çagyrylýar
Lebap welaýatynyň 5 ― 11-nji synp mekdep okuwçylary himiýa we biologiýa dersleri boýunça Ählirus Seçenow olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrylýar.
Bu baradaky bildirişi Aşgabatdaky Rus öýi berdi. Ýazylyşyna görä, himiýa boýunça bäsleşige 8 ― 11, biologiýa boýunça bolsa 5 ― 11-nji synplaryň okuwçylary gatnaşyp biler.
Olimpiadada ýeňiji bolan okuwçylar gatnaşan ugurlary boýunça ýokary okuw mekdebine tabşyranlarynda ýeňilliklerden peýdalanyp bilerler.
Olimpiada 2 tapgyrdan ybarat bolar:
Birinji (saýlama) onlaýn tapgyry: 11.11.2023 – 29.11.2023 aralygynda
Ikinji (jemleýji) tapgyr: 2024-nji ýylyň fewral – aprel aýlarynda
Olimpiadanyň şertleri we geçirilişi barada has doly maglumaty Seçenow uniwersitetiniň resmi saýtynda tapyp bilersiňiz.
Olimpiada ýazylşyk 03.11.2023-e çenli dowam eder.