Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň okuwçylary Kerim Italmazow bilen Mukam Döwletmämmedow Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy tarapyndan biologiýa dersi boýunça geçirilen açyk Internet olimpiadasynda birinji orna mynasyp boldular. Şunda 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda gatnaşan Kerim Italmazow 67 okuwçynyň arasynda 70 utuk gazanmagy başaran iki okuwçynyň biri bolmagy başaran bolsa, Mukam Döwletmämmedow 12-nji synp okuwçylarynyň 72-siniň arasynda 70 we ondan ýokary utuk gazanan bäş okuwçynyň biri boldy.
Birinji ornuň eýelerinden başga-da, bu olimpiadada 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň okuwçysy Mährijemal Döwletgeldiýewa (62 utuk), welaýat merkezindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdepden Allanur Kurdow (56 utuk) dagylar ikinji, Kerimdir Allanuryň synpdaşy Bägül Çaryýewa, Dänew etrabyndaky 3-nji orta mekdepden Merjen Kowusowa (ikisi hem 64 utuk) we M.Döwletgeldiýewa bilen bir synpda okaýan Ahmet Hekimow (44 utuk) dagylar bolsa üçünji orny eýelediler.
12-nji synp okuwçylarynyň arasyndaky bäsleşikde lebaply ýaş zehinleriň üçüsi ― Dänew etrabyndaky 3-nji orta mekdepden Jennet Arslanowa (60 utuk) we Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdepden synpdaşlar Jemal Allakowa (58 utuk) bilen Selbi Kerimberdiýewa (56 utuk) dagylar ikinji orna mynasyp bolmagy başardylar. Üçünji orny eýelänleriň arasynda bolsa Dänew etrabyndaky 3-nji orta mekdepden Sewinç Fahratdinowa (48 utuk) bilen Madina Ikramowa (40 utuk) Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdepden Aýnura Daganowa (42 utuk), Dänew etrabyndaky 19-njy orta mekdepden Aýna Ahmedowa dagylar bar.
11-nji synp okuwçylaryň arasyndaky ýeňiji Kerim Italmazow bu bäsleşikde geçen ýyl hem birinji orny eýelemegi başarypdy. Gyzykly tarapy, iki synpda-da birinji orny eýelän ýaş zehinler Kerim Italmazow bilen Mukam Döwletmämmedow ähli bäsleşiklere bilelikde taýýarlyk görýärler. Olaryň hataryna şu okuw ýylyndan goşulandygyna garamazdan. Allanur Kurdowyň eýýäm iri bäsleşikde ikinji orny eýeläp bilmegi ýaş zehinleriň çalt kämilleşýändiklerini görkezýär.
Lebaply okuwçylar Halkara akademiýanyň geçiren açyk Internet olimpiadasynda birinji ornuň eýesi boldular
02
Dec
