Lebap welaýatynyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylary dünýä dilleri boýunça geçiriljek olimpiadalara gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 11–12-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçiriljek olimpiadalar üçin ýüztutmalaryň kabul edilýändigi habar berilýär.
Bellenilişi ýaly, mart — maý aralygynda türkmen, iňlis, fransuz, rus we nemes dilleri boýunça bäş olimpiada geçiriler, olaryň her biri iki tapgyrdan ybarat bolar. Birinji tapgyr uzak aralykdan düzme ýazmak görnüşinde, ikinji tapgyr bolsa test usulynda ýokary okuw mekdebiniň binýadynda geçiriler. Olimpiadalaryň ýeňijileri jemi utuklar boýunça kesgitlenilip, diplomlar we sowgatlar bilen sylaglanar, baýrakly orunlary eýelän okuwçylaryň mugallymlaryna Hormat hatlary gowşurylar. Bäsleşiklere gatnaşmagyň düzgünleri hem-de giňişleýin maglumatlar institutyň resmi saýtynda elýeterlidir.
Lebaply okuwçylar dünýä dilleri boýunça geçiriljek bäsleşiklere gatnaşmaga çagyrylýar
03
Feb
