BILIM

Lebaply okuwçylar dört ders boýunça geçirilen onlaýn bäsleşikde 32 medal gazandylar

Lebap welaýatynyň mekdep okuwçylary Türkmenistanda ýurduň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirilen ders bäsleşikleriň I tapgyrynda 32 medala mynasyp boldular.

Ders bäsleşigi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde guraldy.

I tapgyrda Türkmenistanyň taryhy, matematika, iňlis we türkmen dilleri boýunça onlaýn-ders bäsleşikleriň dördüsinde Aşgabatdan hem-de ýurduň welaýatlaryndan ýokary synp okuwçylaryň 469-sy çykyş etdiler.

Onda 237 okuwçy has köp utuk toplap, bäsleşikleriň jemleýji II tapgyryna gatnaşmaga hukuk aldylar.  Olaryň hatarynda Aşgabatdan 81, Mary welaýatyndan 42, Lebap welaýatyndan 32, Balkan welaýatyndan hem şonça, Daşoguz welaýatyndan 26 we Ahal welaýatyndan 24 okuwçy bar.

Jemleýji II tapgyry 22-nji aprelde onlaýn görnüşde geçirmek meýilleşdirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: