Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda geçirilen «Külli ynsan hakyna belent maksat tutany, Türkmenistan — parahatçylyk, ynanyşmak Watany» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri
sylaglanyldy. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly mynasybetli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda geçirilen döredijilik bäsleşigine ýüz elliden gowrak çagalaryň işleri – ýazan eserleri gelip gowuşdy.
Paýtagtymyzyň, Arkadag şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň mekdep okuwçylary döredijilikde: makala we goşgy ýazmakda özleriniň ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini açyp görkezmegi başardylar. Bäsleşigiň maksady çagalaryň parahatçylyk hakyndaky düşünjelerini ösdürmekden, olary döredijilige höweslendirmekden we täze zehinleri ýüze çykarmakdan ybarat
boldy. Şeýle bäsleşikleri geçirmek, çagalaryň dünýä garaýşyny ösdürmek, olary döredijilik dünýäsine höweslendirmek bilen bagly işleriň başynda duran Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlar aýdýarys. Durmuşa geçirýän şeýle döwletli işleri dowamat dowam bolsun!
Bäsleşigiň goşgy ýazmak ugry boýunça Saýat etrabyndaky 50-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Gurban Permanow üçünji orna, şol etrapdaky 22-nji orta mekdepden Bägül Çerkezowa bolsa höweslendiriji baýraga mynasyp boldy.
Lebaply okuwçylar döredijilik bäsleşiginde öňe saýlandylar

14
May