BILIM

Lebaply okuwçylar däbe öwrülen olimpiada gatnaşmaga çagyrylýar

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Lebap welaýatynyň ýokary synp okuwçylaryny «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly III integrirlenen olimpiada gatnaşmaga çagyrýar.
Olimpiada Türkmenistanyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň 9-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda logiki pikirlenmek, matematika, fizika, himiýa, biologiýa ýaly bäş ugur boýunça geçirilýär. Olimpiada 3 tapgyrda – etrap, welaýat we döwlet derejelerinde geçiriler.
Olimpiadada her mekdepden ýokary synp okuwçylaryň 5-si çykyş edip biler. Olimpiada gatnaşmak isleýän okuwçylaryň sanawy 25-nji fewrala çenli oguzzehin@gmail.com elektron salgy boýunça guramaçylara iberilmelidir.
Bäsleşikleriň birinji tapgyry 10–15-nji mart aralygynda, ikinji tapgyry 8-nji aprelde geçirler. Şu ýylyň iýun-iýul aýlarynda Aşgabatda olimpiadanyň döwlet tapgyry geçirilip, oňa birinji we ikinji tapgyrlaryň netijeleri boýunça ýokary netijeleri görkezen iň oňat okuwçylar çagyrylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: