BILIM

Lebaply okuwçylar «akylly» şäherler we sanly obalar üçin taslamalaryny hödürleýärler



Farap etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň okuwçylary Aýşirin Baýramsähedowa bilen Aziza Iskenderowanyň taýýarlan taslama işi Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty tarapyndan geçirilen «Ösüş üçin innowasiýa ― 2026» atly taslama işleriniň bäsleşiginde mekdep okuwçylarynyň arasynda birinji orna mynasyp boldy. Zehinli okuwçylar bu işi bilen mümkin bolsan 50 baldan 47 bal aldylar.
Bu iş esasynda taýýarlanan ulgam «Galkan» diýlip atlandyrylýar. Iş «akylly» şäherlerde seýsmiki we gorag ulgamyny döretmek bilen baglydyr. Faraply mekdep okuwçylarynyň taslamasyna bäsleşigiň sanly geljek we innowasion tehnologiýalar diýen ugry boýunça ýokary baha berildi.
Bu ugur boýunça bäsleşige 13 iş gatnaşdyryldy. Ilkinji bäşlikde Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiniň okuwçylary Mekan Agajanow bilen Döwran Annaýewiň «Uzak aralykdan «akylly» tagtany işledýän Bluetoth dolandyryjy», Dänew etrabynyň ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebinden Döwran Meýlisow bilen Rüstem Baýramowyň «Sanly obaL awtonom ulgam» atly işleri hem bar.