BILIM

Lebaply okuwçy Germaniýada geçirilen bäsleşige gatnaşar

Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiniň okuwçysy Mekan
Nurgeldiýew şu ýylyň 4–6-njy oktýabry aralygynda Germaniýanyň Bielefeld şäherinde geçiriljek ýetginjekleriň arasynda mental hasaplamak boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar. Ol ýurdumyzyň dürli künjeginden saýlanyp alnan 8 zehinli okuwçynyň biri bolup, «Kämil bilim» okuw merkeziniň Türkmenabatdaky şahamçasynyň diňleýjisidir.
2008-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän bu halkara ýaryşa dünýäniň 20-ä golaý ýurdunyň 100-den gowrak ýetginjegi gatnaşýar. Bäsleşikde ýaşlar diňe ýatdan hasaplamalary ýerine ýetirip, goşmak, aýyrmak, köpeltmek, bölmek bilen bir hatarda, has çylşyrymly ugurlarda hem ukyp-başarnyklaryny görkezerler.
Mekan Nurgeldiýew hem ýurdumyzyň ýaş nesliniň arasynda mental arifmetika boýunça gazanýan üstünliklerini halkara derejesinde görkezmek üçin taýýarlyk işlerini tamamlaýar. Onuň gatnaşmagy diňe bir Lebap welaýatynyň däl, eýsem tutuş Türkmenistanyň zehinli ýaşlarynyň dünýä derejesindäki üstünlikleriniň beýany bolar.