TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebaply oba hojalykçylaryň dördüsi döwlet sylagyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi.
Sylaglananlaryň arasynda Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary hem bar. Ine, olar:
«Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Türkmenabat 1-nji çörek kärhanasynyň çörek önümlerini bişirijisi Perhat Işankulyýewiç Sapargylyçew; Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Dilraba Baýramowna Jumaýewa;
Saýat etrabynyň «Döwletli» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Arça Orunowiç Jumaniýazow;
Kerki etrabynyň «Gyzylaýak» daýhan birleşiginiň mehanizatory Yhlas Rozyýewiç Kullyýew.