YKDYSADYÝET

Lebaply oba hojalykçylar üstünlikli zähmet çekýärler

 Lebaply ussat babadaýhanlar üstümizdäki ýylyň geçen alty aýynda möhüm azyk önümlerini bolluk bilen öndürdiler.  Hasabat döwründe welaýatda ähli

hojalyklar boýunça gök önümleriň 53,3 müň tonnasy, azyklyk bakjanyň 15,3 müň tonnasy, miweleriň we ir-iýmişleriň 14,7 müň tonnasy, ýeralmany hem 79,5 müň tonnasy öndürildi. Bu önümleriň öndürilişin geçen ýylyň degişli döwrüne görä ep-esli artykdyr.

 Has anyk aýdylanda bolsa, geçen ýylyň deňeşdirilýän döwrüne görä, önüm öndürilişi gök önümler boýunça 12 göterim, azyklyk bakja boýunça 1,3 göterim, miweler, ir-iýmişler boýunça 1,4 göterim, ýeralma boýunça bolsa 7,4 göterim artdy.   Şeýle guwandyryjy netijeler maldarçylyk pudagynda hem gazanylýar. Has takygy, şanly ýylyň geçen alty aýynda welaýatyň ähli hojalyklarynda etiň 68,6 müň tonnasy (diri agramda), süýdüň 306,1 müň tonnasy, ýumurtganyň bolsa 119 million sanysy öndürildi.

 Welaýatyň ähli hojalyklarynda iri şahly mallaryň 561,2 müň başy, dowarlaryň 2 936,9 müň başy, guşlaryň 4 273,5 müň başy, düýeleriň 5,9 müň başy idedilýär.