Nusgawy türkmen şahyry Seýitnazar Seýdiniň doglan gününiň 250 ýyllygy mynasybetli, serkerde şahyryň ozal nämälim bolan täze goşgulary ýüze çykaryldy. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy Jeren Atabaýewanyň «Edebiýat we sungat» gazetinde habar bermegine görä, bu gymmatly golýazmalar şahyryň dogduk mekany bolan Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynyň Lamma obasynda ýaşaýan nesilleriniň şahsy arhiwinden tapyldy. 1969-njy ýylda şahyryň çowlugy Hüýrpaşa enäniň dilinden ýazylyp alnan bu şygyrlaryň arasynda Begmyrat serkerdä bagyşlanan goşgy, şeýle hem şahyr Zeliliniň Seýdä ýüzlenip ýazan «Hallaryň seniň» atly eseri bar.
Täze tapylan maglumatlarda Seýdiniň «Ärlek» atly tarypnamasynyň iki bendi, şeýle hem «Ýar, seniň gurbanyň olsun», «Ýalan jahana», «Aman-nurbat, ýet dadyma, han meniň» we «Ýat etdim» ýaly birnäçe şygyrlarynyň golýazmalary ýer alýar. Bu eserler şahyryň döredijilik dünýäsini has-da baýlaşdyrmakda we onuň watançylyk ideýalaryny öwrenmekde uly ylmy ähmiýete eýedir. Nusgawy edebiýatymyzyň genji-hazynasyny dolduran bu täze tapyndylar häzirki wagtda edebiýatçy alymlar tarapyndan içgin öwrenilýär.
Lebaply nusgawy şahyryň ozal çap edilmedik goşgulary tapyldy
19
Jan
