SUNGAT ADAMLARY

Lebaply nakgaş «Myrat bagşy piriň kanoniki keşbini» döretdi

Lebabyň ýörite sungat mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Türkmenistanyň suratkeşler birleşmesiniň agzasy Myrat Baltaýew «Myrat bagşy piriň kanoniki keşbi» diýen eserini tamamlady.

Myrat bagşy on ýedinji asyrda Sakar ilinde ýaşap geçen, ady sebitden uzaklarda hem meşhur bagşy bolupdyr. Nakgaş bu suraty çekmegiň ideýasyny bagşyçylyk sungatyny öwrenmekde köp hyzmatlary bitiren, bagşy, žurnalist Ören Atakowyň berendigi aýdýar.

Bagşynyň elinde dutar tutup, bir hekaýaty gürrüň bermäge mähetdel bolup duran keşbini ak öýüň içinde şekillendiripdir. Awtor suratdaky detallaryň ählisini ýerlikli bermegi başarypdyr. Onuň her biri türkmen halkynyň taryhy bilen baglanyşyky pikiri suratlandyrýar. Depesinde üzärlik asylyp goýlan açyk gapynyň aňyrsynda Amyderýa görünýär. Nakgaş bulutly asmanyň şekiliniň, ak öýň içindäki bezegleriň üsti bilen Oguz han döwrüniň ruhuny we medeni gymmatlyklaryny görkezmegi başarypdyr. Ikinji plandaky detallaryň hemmesi Myrat bagşynyň keşbi bilen bitewi sazlaşygy emele getirýär. Reňkleriň sazlaşygynyň kömegi bilen türkmen sazynyň öwüşginini suratlandyrypdyr.

Myrat Baltaýew şol döwürde ýaşap geçen adamy göz öňüne getirmegiň kyndygyny, şonuň üçin hem köp maglumatlary öwrenmeli bolandygy aýdýar.

— Bagşylar öz döwrüniň öňde baryjy adamlary bolupdyrlar. Aýdymlaryň, dessanlaryň üsti bilen edebi we taryhy materiallary ýaýradypdyrlar. Bagşylaryň kömegi bilen biziň döwrümize oguz döwrüniň ruhy ýetip geldi. Suratda men reňkleriň kömegi bilen hut şol ruhy bermäge synanyşdym — diýip, Myrat Baltaew gürrüň berdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: