JEMGYÝET

Lebaply muzeý işgäri döwlet derejesinde geçirilen bäsleşikde ýeňiji boldy

Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Täze Galkynyş döwri we milli miras» diýen şygar astynda ýurduň muzeý işgärleriniň hünär bäsleşigi geçirildi. Oňa Lebap welaýatyndan hem hünärmenleriň 2-si gatnaşdy.

Bäsleşige gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby esasynda sahna oýnuny görkezmekde we şu eserden bir goşgyny labyzly okamakda, taryhy desgalar we ýadygärlikler hakynda maglumatlary toplap, ylmy makalalary ýazmakda, wirtual muzeýe syýahat etmek boýunça şekilli görnüşleri taýýarlamakda, öz alyp barýan işi barada sowal-jogap alyşmakda ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri Ogulgerek Agajanowa bäsleşigiň ähli şertlerini dürs we takyk ýerine ýetirip, birinji orna mynasyp boldy.

Döwlet bäsleşiginde baýrakly orunlary eýelänlere guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary, gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.