Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň uly mugallymy Jennet Abdullaýewanyň taýýarlan “Defektologiýanyň umumy esaslary” atly okuw kitaby çap edildi. Täze neşir ösüşinde aýratynlygy bolan çagalar bilen işlemegiň ylmy we usuly esaslary barada giňişleýin düşünje berýär.
Okuw kitabynda pedagogika ylmynyň möhüm ugurlarynyň biri bolan defektologiýanyň nazary esaslary, inklýuziw bilimiň ähmiýeti, ösüşinde aýratynlygy bolan çagalaryň dürli toparlaryny okatmagyň we terbiýelemegiň aýratynlyklary beýan edilýär. Şeýle hem neşirde bu çagalary jemgyýete uýgunlaşdyrmak, olaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmek we hünäre ugrukdyrmak bilen bagly meseleler giňden açylyp görkezilýär.
Mekdebe çenli terbiýäniň nazaryýeti we usulyýeti kafedrasynyň uly mugallymy Jennet Abdullaýewanyň bu okuw kitaby degişli ugurda bilim alýan talyplar, mugallymlar, hünärmenler hem-de defektologiýa bilen gyzyklanýan giň okyjylar köpçüligi üçin gymmatly gollanma bolup hyzmat eder.
Lebaply mugallymyň defektologiýadan okuw kitaby çap edildi
06
May

