Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň
mugallymlary Russiýa Federasiýasynyň Naberežnyýe Çelny Döwlet
mugallymçylyk uniwersitetiniň mugallymlarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen okuw maslahatyna gatnaşdylar.
Bu okuw maslahaty dürli ugurlar boýunça alnyp barlyp, nazary we amaly
görnüşde guraldy. Türkmenabatly mugallymlaryň gatnaşan bölümi «Başlangyç synp okuwçylaryň matematiki we tebigy bilimler boýunça sowatlylygyny kemala getirmäge we bahalandyrmaga bolan çemeleşmeler» diýen mowzukda alnyp barlyp, onda okuwçylaryň bilim derejesini ösdürmeklige, sapaga bolan işjeňligini artdyrmaklyga aýratyn üns çekildi.
― Okuw maslahatynyň dowamynda bize russiýaly kärdeşlerimiziň iş tejribeleri bilen ýakyndan tanşyp, başlangyç synp okuwçylary bilen taslama işlerini alyp barmagyň, olary matematika, tebigy bilimlere höweslendirmegiň täze usullary bilen tanyşmaklyga giň mümkinçilik döredildi ― diýip, institutyň mugallymy welaýat neşirinde çap edilen makalasynda gürrüň berýär.
Lebaply mugallymlar halkara okuw maslahatyna gatnaşdylar

19
Dec