BILIM

Lebaply mugallymlar amerikaly professoryň okuw sapaklaryna gatnaşdylar

Türkmenistanyň Milli Bilim institutynda iňlis dili mugallymlary üçin usuly-amaly okuw maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň dürli künjeklerinden 30-dan gowrak mugallym gatnaşyp, olaryň hatarynda Lebap welaýatyndan gelen mugallymlar hem bar. Okuw sapaklaryny Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Waşington uniwersitetiniň hünärmeni, doktor Sandra Joý Jenaş alyp bardy. Gatnaşyjylar üçin
bu okuw maslahaty täze bilimleri özleşdirmek we tejribe alyşmak üçin möhüm mümkinçilik boldy.
Maslahatyň dowamynda iňlis dilini öwretmegiň täzeçil usullary, hususan-da, taslama esasly okuw usuly giňden düşündirildi. Mugallymlar okuwçylaryň döredijilikli pikirlenmesini ösdürmek, toparlaýyn we özbaşdak işleri netijeli guramak boýunça amaly başarnyklaryny ýokarlandyrdylar. Okuwlaryň jeminde
gatnaşyjylara Türkmenistanyň Milli Bilim instituty tarapyndan şahadatnamalar gowşurylyp, şeýle çäreleriň bilim ulgamynda täzeçil çemeleşmeleri ornaşdyrmakda hem-de mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigi nygtaldy.