Lebaply mugallym 19 perdeli dutary döredişi barada gürrüň berdi
19 perdeli dutary döreden Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy
Mährem Jumaýew şeýle saz guralyny döretmek zerurlygy barada welaýat neşiriniň
habarçysyna gürrüň berdi.
― Bilşimiz ýaly, ussat halypalardan miras galyp, halypa-şägirtlik ýoly bilen biziň şu
günlerimize gelip ýeten müňlerçe ajaýyp sazlarymyz bar. Ol sazlarymyzy, şeýle-de
türkmen kompozitorlaryň dutar we fortepiano üçin täzeden işlenen eserlerini
ýerine ýetirmekde, estrada we wokal aýdymçylaryň ýanynda sazandarlyk etmek
üçin dutaryň perde sanlaryny köpeltmek zerurlygy ýüze çykýar. Perde sanynyň on
dokuz bolmagy bilen onuň ses göwrümi öňküsinden ulalyp, iki oktawa deň bolýar.
Perde aralyklarynyň ählisi ýarym tondan bölünip, hromatiki görnüşe getirilýär.
Şeýle dutarlaryň on ýedi we on dokuz perdeli ilkinji nusgalaryny halaçly dutar
ussasy Baýram Jumaýew, kerkili dutar ussasy Gurbangeldi Berdiliýew dagy ýörite
buýurma esasynda ýasap berdiler. Soňra Mary welaýatynyň Baýramaly etrabyndan
ezber dutar ussasy Bäşim Welläýew bu dutaryň elektrik görnüşini hem ýasap berdi
― diýip, ol gazetiň habarçysyna gürrüň berdi.
Onuň aýdyşy ýaly bu dutaryň ilkinji nusgalary taýýar bolandan soň halypalaryň
pikirini bilmek maksady bilen Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep internatynda çykyş guraldy. Türkmenistanyň halk artistleri
Akmyrat Çaryýew, Amanöwez Saparow, Türkmenistanyň halk bagşysy Aman
Gowşudow ýaly halypalar dutaryň perdelerine girizilen täzeligi goldap, onuň
fortepiano goşup çalmakda, wokal eserlerine sazandarlyk etmekde örän ähmiýetli
we giň mümkinçiliklere eýe bolandygyny bellediler.