Wise-premýer B.Orazdurdyýewa sanly ulgam arkaly 10-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde Aşgabat şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda II Halkara matematika olimpiadasyny geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar. Bellenilişi ýaly, wise-premýer şu ýylyň aprelinde mekdep okuwçylarynyň arasynda II Halkara matematika olimpiadasynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini habar berdi. Bu bäsleşige Türkmenistanyň mekdep okuwçylary bilen bir hatarda, daşary ýurtlaryň umumybilim berýän mekdepleriniň zehinli ýaşlarynyň hem gatnaşmaklaryna garaşylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Lebaply mekdep okuwçylarynyň II Halkara matematika olimpiadasyna gatnaşmagyna garaşylýar

11
Jan