Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda geçirilen «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda Lebap welaýatynyň mekdep okuwçylary jemi 68 baýrakly orny eýelediler. Şolaryň 7-si birinji, 25-si ikinji, 36-sy üçünji orunlara mynasyp boldy. Birinji orny eýelän lebaply okuwçylaryň hatarynda Babajan Aganyýazow (Hojambaz etrabynyň 10-njy orta mekdebi, himiýa, 12-nji synp), Eziz Agamyradow (Türkmenabat şäheriniň iňlis dili, fizika we matematika okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebi, informatika, 12-nji synp), Ýazmyrat Şemsetdinow (Türkmenabat şäheriniň takyk we tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebi, informatika, 12-nji synp, ýöriteleşdirilen mekdepler), Rustamjan Orunow (Çärjew etrabynyň tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 31-nji orta mekdebi, astronomiýa, 11-nji synp), Babageldi Baýramow (Halaç etrabynyň 28-nji orta mekdebi, fizika, 11-nji synp), Kakajan Şöhradow (Saýat etrabynyň 9-njy orta mekdebi, taryh, 11-nji synp) hem-de Şukur Gotdaýew (Türkmenabat şäheriniň daşary ýurt diline ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdebi, rus dili, 12-nji synp, türkmen bölümi) bar.
Bu netijeler welaýatyň mekdep okuwçylarynyň döwlet derejesindäki ders bäsleşiklerinde ýokary taýýarlyk derejesini görkezýär. Lebaply zehinler takyk we tebigy ugurlar bilen birlikde jemgyýetçilik hem-de dil dersleri boýunça-da üstünlikli çykyş edip, welaýatyň bilim ulgamynda alnyp barylýan işleriň netijelidigini nobatdaky gezek tassyk etdiler.
Durdyhal AMANOWA,
Farap etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň iňlis dili mugallymy.

