BILIM

Lebaply mekdep okuwçylarynyň 12-si integrirlenen olimpiadanyň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar

Lebap welaýatynyň orta mekdepleriniň zehinli okuwçylarynyň 12-si Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan geçirilýän üçünji integrirlenen olimpiadanyň welaýat tapgyrynda ýeňiji bolup, onuň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.
Ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 9 ― 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda yglan edilen bäsleşigiň aýgytlaýjy tapgyryna welaýat bäsleşiginde 25 we şondan kän utuk toplan okuwçylar gatnaşdyrylar.
Bäsleşigiň welaýat tapgyrynyň ýeňijisiniň iň kiçi ýaş derejesindäki okuwçydygy hemmeleri gaýran galdyrýar. Has takygy, Türkmenabat şäherindäki 11-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Ali Möwlamow 45 utuk toplap, ikinji orundaky bäsdeşi ― welaýat merkezindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Döwlet Kerimowdan hem 10 utuk öňe saýlandy. Bu netije ýaş zehiniň bäsleşigiň welaýat tapgyryna örän taýýarlykly gelendigini görkezýär. Çünki ol bäsleşigiň etrap tapgyrynda 192-nji orny eýeläpdi. Indi bolsa Ali paýtagtymyzda gezelenç-bäsleşik hökmünde geçiriljek aýgytlaýjy tapgyra welaýatymyzyň çempiony hökmünde gatnaşar. Ikinji orny eýelän Döwlet Kerimow bäsleşikde 36,75 utuk toplan bolsa, üçünji ornuň eýesi ― Kerki etrabyndaky 19-njy orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy
Güller Baýramgeldiýewa bu tapgyrda 27,5 utuk toplady.
Şeýle hem bäsleşikde Saýat etrabyndaky 44-nji orta mekdepden Agageldi Ereşow, Darganata etrabyndaky 6-njy orta mekdepden Selbi Ýagşymyradowa, Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň okuwçylary Kerim Berdiýew, Döwran Annaýew, Mekan Agajanow we Kenan Açilow,
welaýat merkezindäki 17-nji orta mekdepden Dilnaza Azimjanowa, Çärjew etrabyndaky 63-nji orta mekdepden Žasmin Batyrowa hem-de Halaç etrabyndaky 28-nji orta mekdepden Wepa Babageldiýew dagy bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.