Lebaply mekdep okuwçylary Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň gutardyş synp okuwçylaryny ders olimpiadalaryna gatnaşmaga çagyrýar. Okuwçylar üçin matematika, fizika, himiýa hem-de häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary okuw dersleri boýunça bäsleşikler geçiriler.
Ders bäsleşikleriniň birinji tapgyry degişlilikde 1-nji, 2-nji, 3-nji we 4-nji aprelde, ikinji tapgyry bolsa 29-njy aprelde geçiriler. Olimpiadalar döwlet dilinde test usulynda şahsy bäsleşik görnüşinde alnyp barylar. Intellektual bäsleşiklerde I, II we III orunlary eýelän ýeňijiler degişli derejeli diplomlar bilen sylaglanarlar.
Guramaçylyk topary Aşgabat we Arkadag şäherleriniň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň mekdepleriniň gutardyş synplarynyň ähli gyzyklanma bildirýän okuwçylaryny bu olimpiadalara gatnaşmaga çagyrýar. Gatnaşmaga isleg bildirýänler 25-nji marta çenli bellige alyş namasyny dolduryp, ony tdbgiobolymp@gmail.com elektron salgysy boýunça guramaçylyk toparyna ibermelidirler. Giňişleýin maglumatlar institutyň resmi saýtynda elýeterlidir.
Bu ders olimpiadalary ýaş zehinleri ýüze çykarmak, ösdürmek we goldamak, okuwçylaryň intellektual mümkinçiliklerini artdyrmak, olary ylym-bilim we döredijilik işleri bilen işjeň meşgullanmaga höweslendirmek, şeýle hem ýurdumyzyň tebigy we takyk ylymlarynyň okadylyşyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen geçirilýär.
Lebaply mekdep okuwçylary üç ders boýunça bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar
06
Feb

