BILIM

Lebaply mekdep okuwçylary TIT we UKI tarapyndan geçirilen bäsleşigiň ýeňijileri boldular

 Lebap welaýatynyň mekdep okuwçylary Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty tarapyndan fizika we matematika dersleri boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijileri boldular.

 Orta mekdepleriň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda yglan edilen bäsleşikde fizika dersi boýunça Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň okuwgysy Döwlet Sultanow bilen Halaç etrabynyň Magtymguly adyndaky 14-nji orta mekdebiniň okuwçysy Derkar Abdyrahmanow ikinji orny eýelediler.     Şunda türkmenabatly okuwçynyň mümkin bolan 50 utukdan 37, halaçly ýaş zehiniň bolsa 30 utuk toplap bilendiklerini aýtmak gerek.

 Welaýatyň mekdep okuwçylary matematika dersi boýunça geçirilen

bäsleşikde has üstünlikli çykyş etdiler.

Welaýat merkezindäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň okuwçylary Erkin Maksadow bilen Şatlyk Mätkulow bäsleşikde birinji orny eýelediler.

Şeýle hem Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň okuwçysy Resul Alymowyň görkezijileri ikinji, şol mekdepden Myrat Janmyradowyň, Dänew etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň okuwçysy Döwlet Klyçewiň, welaýat merkezindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdepden Täjinar Babamyradowanyň we Kerki etrabyndaky 37-nji orta mekdepden Ahmet Aganyýazowyň görkezijileri bolsa üçünji orna mynasyp görüldi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: