BILIM

Lebaply mekdep okuwçylary TDMI-niň geçiren bäsleşiginde öňdäki orunlaryň birnäçesine mynasyp boldular

Lebap welaýatynyň orta mekdepleriniň 7 ― 12-nji synplarynyň zehinli okuwçylarynyň birnäçesi Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty tarapyndan geçirilen 4-nji internet bäsleşiginiň ýeňijileri boldular. Bäsleşik matematika, fizika, himiýa we biologiýa dersleri boýunça geçirildi.
Matematika boýunça geçirilen bäsleşikde welaýatyň 10 ― 12-nji synp okuwçylary has gowy netijeleri görkezdiler. Has takygy, 10-njy synp okuwçylarynyň arasynda Kerki etrabyndaky 37-nji orta mekdebiň okuwçysy Allaguly Nurgeldiýew, 11-nji synp okuwçylaryň arasynda ýene şol mekdepden Täzegül Agageldiýewa, 12-nji synpda okaýan ýaşlaryň arasynda bolsa Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdepden Kemal Hydyrow dagy birinji orna mynasyp boldular.
Lebaply okuwçylar biologiýa okuw dersi boýunça hem netijeli çykyş etdiler. 8-nji synp okuwçylarynyň arasynda Türkmenabat şäherindäki 20-nji orta mekdepden Aýlar Hudaýnazarowa, 10-njy synp okuwçylarynyň arasynda bolsa Kerki etrabyndaky 2-nji orta
mekdepden Aýlar Begenjowa ýurdumyzyň ähli sebitlerinden gatnaşan deň-duşlaryndan üstün çykdylar.
Lebaply mekdep okuwçylary beýleki dersler boýunça hem öňdäki orunlaryň birnäçesini eýelediler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: