Lebaply mekdep okuwçylary Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan bilelikde guralan «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri boldular.
Ýurduň umumybilim berýän orta mekdepleriň 4 — 11-nji synplarynda okaýan okuwçylaryň arasynda yglan edilen bäsleşiginiň ýeňijileriniň sylaglanyş dabarasy Türkmenstanyň Jemgyýetçilik guramalary merkezinde geçirildi.
Bäsleşik üç ugur: düzme ýazmak, surat çekmek we maket ýasamak boýunça guralyp, ol ilki mekdep, etrap-şäher we welaýat derejelerinde geçirildi. Şol tapgyrlarda ýeňiji bolan işler döwlet tapgyryna hödürlenildi we olardan iň gowulary emin agzalary tarapyndan saýlanylyp alyndy. Netijede, her ugur boýunça birinji, ikinji we üçünji orunlary eýelän okuwçylar kesgitlenildi.
Şeýlelikde, bäsleşigiň düzme ýazmak görnüşi boýunça Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiniň okuwçysy Enejan Hydyrowa, surat çekmek görnüşi boýunça ýene şol mekdepden Röwşen Merdanow, maket ýasamak görnüşi boýunça bolsa Türkmenabat şäheriniň 24-nji orta mekdebiniň okuwçysy Selbi Aşyrowa dagylar üçünji orny eýelediler.
Lebaply mekdep okuwçylary parahatçylyk mowzugyna bagyşlanan bäsleşikde baýrakly orunlara eýe boldular

10
Dec