BILIM

Lebaply mekdep okuwçylary «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly intellektual bäsleşigiň saýlama tapgyryna gatnaşdylar

21-nji sentýabrda Türkmenistanyň ähli künjeklerinden ýokary synp mekdep okuwçylary «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly intellektual taslamasynyň IV möwsümine gatnaşmak hukugyna eýe bolmak ugrunda bäsleşdiler. Bäsleşik Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Ýaş diplomatlar mekdebi tarapyndan guralýar.

Onlaýn arkaly geçirilen saýlama-synag tapgyryna ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 10-njy, 11-nji we 12-nji synplaryň okuwçylarynyň 800-den gowragy gatnaşdylar. Synag mekdep maksatnamasynyň Türkmenistanyň taryhy, bütindünýä taryh, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti, iňlis dili, rus dili ýaly dersleri boýunça taýýarlanylan ýazuw arkaly sowallaryň 100-sini özünde jemledi. Mundan başga-da, test-sowallaryň üsti bilen okuwçylaryň intellekt görkezijisiniň (IQ) derejesine hem-de logiki pikirlenip bilişlerine baha berildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: