Lebap welaýatynyň orta mekdeplerinde bilim alýan zehinli okuwçylar Aba
Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy tarapyndan biologiýa we himiýa dersleri boýunça geçirilen açyk internet olimpiadasynda üstünlikli çykyş
etdiler. Olimpiada 10 ― 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirildi.
Biologiýa boýunça geçirilen olimpiadada Türkmenabat şäherindäki
ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň okuwçysy Kerim Italmazow birinji orny
eýeläp, welaýat boýunça iň ýokary netijäni görkezdi. Şeýle hem bu olimpiadada
10-njy synp okuwçylarynyň arasynda ýene şol mekdepden Bägül Çaryýewa
ikinji, welaýat merkezimizdäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdepden
Mährijemal Döwletgeldiýewa üçünji, 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda
Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň okuwçylary
Mukam Döwletmämmedow bilen Jemal Allakowa ikinji, Dänew etrabyndaky
19-njy orta mekdepden Aýna Ahmedowa, ýene şol etrabyň 3-nji orta
mekdebinden Jennet Arslanowa, Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-
njy orta mekdebinden Selbi Kerimberdiýewa üçünji; şu okuw ýylynyň ahyrynda
ak mekdepden uçurym boljak ýaşlaryň arasynda Türkmenabat şäherindäki
ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdepden Maral Berdimyradowa ikinji, ýene şol
mekdepden Mehri Suwhanowa bilen welaýat merkezindäki ýöriteleşdirilen 28-
nji orta mekdebinden Arslan Ýangibaýew üçünji orny eýelediler.
Himiýa boýunça geçirilen olimpiadada hem welaýat boýunça iň ýokarky orny
10-njy synpyň okuwçylary eýeledi. Has takygy, Dänew etrabyndaky 19-njy orta
mekdebiň okuwçysy Eneş Meredowa birinji ornuň eýesi boldy. Şeýle hem bu
ders boýunça Dänew etrabyndaky 3-nji we 19-njy orta mekdepleriň 11-nji synp
okuwçylary Enejan Şatlykowa bilen Maral Nuraddinowa, ýene şol
mekdeplerden 12-nji synp okuwçylary Mälik Batyrow bilen Maral
Jumamyradowa dagy ikinji orna mynasyp boldular.
Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdepden Jennet
Hydyrowa, onuň synpdaşy Feruza Alijanowa (ikisi hem 10-njy synp), ýene şol
mekdepden Myrat Begenjow, Laçyn Rozyýewa, Aýşa Altybaýewa Çärjew
etrabyndaky ýöriteleşdirilen 31-nji orta mekdepden Anora Anwarowa,
Allanazar Röwşenow (ählisi ― 11-nji synp) hem-de Türkmenabat şäherindäki
ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdepden Ogulgerek Hudaýbergenowa dagy bolsa
üçünji orny eýelediler.
Lebaply mekdep okuwçylary internet olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler
09
Dec
