Lebaply mekdep okuwçylary informatika boýunça paýtagtda geçirilen bäsleşikde üstünlikli çykyş etdiler
Türkmenabat şäheriniň orta mekdeplerinde okaýan zehinli okuwçylaryň üçüsi Türkmen döwlet
maliýe instituty tarapyndan informatika dersi boýunça yglan edilen bäsleşikde birinji orna
mynasyp boldular. Şunda welaýat merkezindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdepden Eziz
Agamyradowyň 53 utuk bilen tutuş ýurt boýunça iň ýokary netijäni görkezendigini aýtmak
gerek.
Şeýle hem bäsleşikde birinji orna mynasyp görlen bäş okuwçynyň hatarynda Türkmenabat
şäheriniň ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebinden Şatlyk Babaýew (49 utuk) bilen welaýat
merkezindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdepden Dawut Azadow hem bar.
Tutuş ýurdumyz boýunça 95 sany mekdep okuwçysynyň gatnaşmagynda geçirilen bäsleşikde
Çärjew etrabynyň 22-nji orta mekdebinden üç okuwçy ― Alijan Hojahanow, Hudaýkuly
Hallyýew we Maksat Mekanjanow dagylar ikinji orna mynasyp boldular. Welaýat merkezindäki
ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdepden Şatlyk Azadow bolsa bäsleşigi üçünji orun bilen jemledi.