Lebaply mekdep okuwçylary informatika boýunça olimpiada gatnaşdylar
Lebaply mekdep okuwçylarynyň 17-si S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti tarapyndan geçirilen informatika olimpiadasynyň jemleýji ― 3-nji tapgyryna gatnaşdy. Bu tapgyr Aşgabat şäherinde ― uniwersitetiň özünde geçirildi.
Bäsleşige orta mekdepleriň 11-nji we 12-nji synp okuwçylary gatnaşýar. 5-nji fewralda 11-nji,
6-njy fewralda bolsa 12-nji synp okuwçylaryň arasynda bäsleşikler geçirildi. Olimpiadanyň
ýapylyş dabarasy şu gün ― 7-nji fewralda boldy.
Lebaply okuwçylaryň olimpiadada görkezen netijeleri barada goşmaça habar bereris.