BILIM

Lebaply mekdep okuwçylary halkara olimpiada gatnaşmaga çagyrylýar

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026-njy ýylyň 8 — 13-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherinde mekdep okuwçylarynyň III halkara matematika olimpiadasynyň geçiriljekdigini yglan etdi. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga we halkara dostluk gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilen bu abraýly bäsleşige gatnaşmak isleýän lebaply okuwçylar we mekdep uçurymlary üçin hasaba alyş işleri 15-nji ýanwardan başlap, 1-nji aprele çenli dowam eder. Olimpiada türkmen, rus we iňlis dillerinde geçirilip, oňa gatnaşyjylar ýaş aýratynlyklaryna görä A we B derejeleri boýunça özara bäsleşerler.
Bäsleşigiň şertlerine görä, A derejesinde 20 ýaşa çenli bolan mekdep okuwçylary we uçurymlar, B derejesinde bolsa 15,5 ýaşdan uly bolmadyk okuwçylar şahsy bäsleşikde güýç synaşarlar. Myhmanlary kabul edýän tarap gatnaşyjylaryň ýaşajak ýeri, iýmiti we ulag hyzmatlary ýaly ähli çykdajylaryny öz üstüne alýar. Gatnaşmak isleýän ýaşlar goşmaça maglumat almak we hasaba durmak üçin guramaçylyk toparynyň telefon belgileri ýa-da turkmenmatholymp@gmail.com elektron poçtasy arkaly habarlaşyp bilerler.