Lebaply mekdep okuwçylarynyň bir topary golaýda behişdi Awazada ýerleşýän «Lebap» sagaldyş we dynç alyş merkezinde bolup geldi. Olar bilen Türkmenabat şäherindäki 3-nji orta mekdebiň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Enejan Şahanowanyň, welaýat merkezindäki 5-nji orta
mekdebiň mugallymy Sona Jumakulyýewanyň, 40-njy orta mekdebiň mugallymy Gülçehra Baltaýewanyň ýolbaşçylygynda ýatda galyjy çäreler guraldy.
Şeýle-de çagalaryň arasynda ýakyn aralyga ylgamak, kiçi futbol, suwda ýüzmek boýunça gyzykly bäsleşikleri guradyk. Kiçi futbol boýunça ýaryş sapaly kenarda dynç alýan beýleki welaýatlaryň toparlarynyň arasynda hem guraldy. Onda lebaply mekdep okuwçylary ikinji orna mynasyp boldy.
Dynç alyş günlerinde çagalar emeli derýada, muzeýde gezelençde boldular. Sungata höwesek zehinli ýaşlar bolsa täze aýdymlary, tanslary öwrendiler we olary uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler.
Lebaply mekdep okuwçylary Awazada dynç alyp geldiler

03
Jul