BILIM

Lebaply mekdep okuwçylary ählumumy olimpiada gatnaşar

Seýitnazar seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Lebap welaýatynyň orta mekdepleriniň 12-nji synpynda okaýan okuwçylar üçin ählumumy parahatçylyk we ösüş üçin bilimiň eýeleýän ornunyň hormatyna BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara bilim güni mynasybetli toplumlaýyn olimpiada geçiriler.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde «Watanyň daýanjy-bilimli ýaşlar, Arkadagly Gahryman Serdaryň guwanjy ýaşlar!» diýen at berlen olimpiadanyň guramaçylary bolup çykyş edýärler.
Aşgabadyň, Arkadag şäheriniň hem-de ýurduň ähli welaýatlarynyň orta mekdepleriniň 12-nji synp okuwçylary olimpiada gatnaşmaga çagyrylýarlar. Birinji tapgyry üstünlikli geçen okuwçylar özleriniň elektron salgylaryna ikinji tapgyra gatnaşmak üçin ýörite açar sözi we ady alarlar. Olimpiadanyň bu tapgyry 2025-nji ýylyň 14-nji aprelinde onlaýn görnüşde test görnüşinde geçiriler we ýokarda görkezilen okuw mekdepleriň
binýadynda gatnaşjaklary bir ýere jemlär.
Olimpiadanyň ýeňijileri, I, II we III orunlary eýelänler ýurduň DIM-niň HGI-niň Hormat hatlary hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň sowgatlary bilen sylaglanarlar. Mundan başga-da, bäsleşikde tapawutlanan okuwçylar höweslendiriji baýraklary alarlar. Olimpiadanyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy Türkmenistanyň DIM-niň HGI-de 2025-nji ýylyň 30-njy aprelinde, ýokary okuw mekdepde guraljak Açyk gapylar gününde geçiriler.