Tamamlanan okuw ýylynda Lebap welaýatynyň orta mekdepleriniň 11-12-nji synp okuwçylary her ýyl däbe öwrülip geçirilýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşikleriniň döwlet tapgyrynda baýrakly orunlaryň 33-sini eýelediler.
Olaryň 3-siniň altyn, 16-synyň kümüş, 14-siniň bürünç medallara mynasyp bolmaklary aýratyn guwandyryjydyr. Şolardan döwlet bäsleşiginde birinji orny eýelän Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň okuwçysy Eziz Agamyradowyň, şäherdäki ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiň okuwçysy Darýa Oblowanyň, Çärjew etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň okuwçysy Myhman Ýazmyradowyň atlary buýsanç bilen tutulýar. Däbe öwrülen ders bäsleşiklerinde gazanylan üstünlikde Türkmenabat şäheriniň, Çärjew, Halaç, Dänew etraplarynyň mekdep okuwçylarynyň uly paýy bar.
Lebaply mekdep okuwçylary 2024-2025-nji ýyllaryň okuw möwsümini üstünlikli tamamladylar

08
Jun