JEMGYÝET

Lebaply medeniýet we sungat işgärleri Medeniýet hepdeligine gatnaşarlar

Mary welaýatynda geçiriljek medeniýet hepdeligine Lebap welaýatyndan medeniýet we sungat işgärleriniň 50–si gatnaşar.  Onda döredijilik toparlarynyň üçüsi: welaýat medeniýet merkeziniň «Jeýhun» tans topary, Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artistleri hem-de Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Ören Atakowyň ýolbaşçylygyndaky bagşylaryň maşgala ansambly öz programmalary bilen çykyş ederler. Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň işgärleri ýörite sergi gurarlar.

Lebap hem-de Mary welaýatlarynyň sungat ussatlarynyň iýun aýynyň 25-de geçiriljek  bilelikdäki  konsertine welaýatyň aýdymçylary: Türkmenistanyň halk artisti Dilber Rahmanowa, Türkmenistanyň at gazanan artisti Dosmämmet Söýünow, «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri Pöwrize Gulamowa, Umyt Bazarow, Mawjuda Jumaýewa we beýlekiler özleriniň täze döreden aýdymlary bilen gatnaşarlar.

Hepdeligiň dowamynda welaýatyň medeniýet we sungat, kitaphana, folklor, senetkärlik  boýunça tejribeli işgärleriniň hem birnäçesi gatnaşyp, ýurdumyzyň beýleki welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden gelen kärdeşleri bilen özara tejribe alşarlar.

Medeniýet hepdeligi iýun aýynyň 22—27-i aralygynda geçiriler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: