JEMGYÝET

Lebaply maldarlar meýilnamadan artyk ýüň taýýarladylar

«Türkmen gündogary» gazetiniň ýazmagyna görä, Lebap welaýatynyň maldarçylyk hojalyklarynda dowarlaryň ýaz gyrkymy üstünlikli tamamlandy. Bu möhüm çäräniň jemi boýunça çig malyň 385 tonna golaýy taýýar edildi.
Munuň özi ýaz ýüňüniň 153 tonna golaýynyň meýilnama goşmaça taýýarlanylandygyndan habar berýär. Gyrkyma ýeterlik adam güýjüniň we tehnikanyň çekilmegi hem-de gyrkymçylaryň işiniň sazlaşykly guralmagy ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berdi.
Häzirki wagtda maldarçylyk hojalyklarynda dowarlaryň 234 müňe golaýy bolup, olar göreldeli bakylýar. Bu bolsa mallaryň sanyny abat saklap, olardan bol önüm almaga amatly şertleri döredýär.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply