LUKMANÇYLYK

Lebaply lukmanlaryň halkara tejribesi baýlaşdyrylýar

Lebap welaýat köpugurly hassahanasynyň neýrohirurgiýa bölüminiň müdiri Ahmet Ergeşow tamamlanyp barýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda saglygy goraýyş ulgamynda möhüm we giň gerimli işleriň amala aşyrylandygyny belledi. Onuň aýtmagyna görä, hormatly Prezidentimiziň goldaw-hemaýaty bilen daşary ýurtlarda hünär tejribesini artdyrmaga döredilen mümkinçilikler lukmanlar üçin uly ähmiýete eýe boldy. Şol mümkinçilikleriň çäklerinde ol Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherindäki dünýä belli «Charité» klinikasynda professor Peter Waýkotsynyň ýolbaşçylygynda kelle beýniniň insultlary, damar dykylmalary we oňurgada döreýän nähoşluklary irki döwürde ýüze çykarmak, öňüni almak hem-de takyk anyklamak boýunça tejribe alandygyny aýtdy.
Ahmet Ergeşow häzirki wagtda saglygy goraýyş edaralarynda döwrebap enjamlaryň ornaşdyrylmagy we ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagy netijesinde ilata halkara ölçeglerine laýyk lukmançylyk hyzmatlarynyň edilýändigini nygtady. Şeýle-de ol özleşdirilen tejribeleri ýakyn geljekde iş ýüzünde ulanmagy meýilleşdirýändiklerini aýdyp, täze ýylda hem Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda täze ösüşleri üpjün etmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekiljekdigini belledi.