JEMGYÝET

Lebaply lukmanlar halkara foruma gatnaşýarlar

Lebap welaýat köpugurly hassahanasynyň lukmanlary şu günler Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkeziniň mejlisler zalynda teleköpri arkaly geçirilýän X türkmen-german forumyna gatnaşýarlar.

Iki günläp dowam etjek forumda hirurgiýa, akuşerçilik-ginekologiýa, ortopediýa, onkologiýa we derman serişdelerine degişli meseleler giňden ara alnyp maslahatlaşylýar.

Forum öz gözbaşyny 2011-nji ýyldan alyp gaýdýar. Onuň ilkinji mejlisi Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Mýunhen şäheriniň Grosshaderndäki Lýudwig Maksimilian adyndaky uniwersitetiniň klinikasynda geçirilipdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: