Lebap welaýat köpugurly hassahanasynyň lukmanlary Germaniýa Federatiw Respublikasynda hünär kämilleşdiriş okuwyny geçip geldiler.
— Ilki bilen aýratyn bellemeli zat, ýurdumyzyň saglyk merkezlerinde ornaşdyrylan lukmançylyk enjamlarynyň dünýä ülňülerine laýyk gelýändigidir. Biz muňa okuw saparynda dolulygyna göz ýetirdik.
Biz okuw saparynda germaniýaly professorlaryň gözegçilik etmeklerinde kelle beýnisiniň kesellerini anyklamagyň we wagtynda öňüni almagyň iň döwrebap usullaryny öwrendik.
Häzirki wagtda bu usullary iş ýüzünde doly ulanýarys — diýip, Mekan Döwletow welaýat neşiriniň habarçysyna gürrüň berdi.
Hassahananyň neýrohirurgiýa bölüminiň lukmany Merdan Nazarow bolsa:
— Biz bu gezekki okuw saparynda üç şahaly nerwiň newralgiýasy keseliniň häsiýetlerini giňişleýin öwrendik. Bu ýerde keseli wagtynda anyklamak, netijeli bejermek, amallary geçirmek boýunça tejribämizi artdyrdyk. Ýurdumyza dolanyp gelip, keseliň bejergisini öz hassahanamyzda ýola goýduk. Häzirki wagtda magnit-rezonans tomografiýasy barlagynda takyk anyklanylandan soň, keseliň operasiýasy mikroskopuň we mikroenjamlaryň kömegi bilen amala aşyrylyp, beýnide üç şahaly degna bilen ýokarky beýnijik arteriýasy aralygyna teflon serişdesi goýulýar. Operatiw bejergiden soň agyry alamaty aýrylyp, näsag 3 — 4 günden maşgala lukmanynyň gözegçiligine goýberilýär. — diýip, sapar barada maglumat berdi.
Ýeri gelende aýtsak, Germaniýada okuw saparynda bolan saglygy goraýyş işgärleriniň arasynda göz lukmanlary-da, hirurglar-da bar. Olar hem öz ugurlary boýunça bejergi işlerini ylmyň iň täze gazananlary esasynda geçirmek babatynda tejribesini artdyrdylar.
Lebaply lukmanlar Germaniýada hünärini kämilleşdirip geldiler

04
Apr